BILIM

Bilmeýän zadyňy kitapdan sora

Kitaby özüne höwür edinip, dost tutunan adamyň dünýägaraýşy çuň, gözýetimi giň, pikirlenişi düýpli we esasly, okamaga, öwrenmäge höwesli hem ukyply bolýar. Kitaphon adamlardaky bu artykmaçlygy dana Magtymguly “Kitap okan gullar manydan dokdur” diýip häsiýetlendiripdir. Kitap ynsanyň kalbyny ýumşadyp, adamda ynsanperwer we ahlak häsiýetleri terbiýeleýär, adamy belent adamkärçilik sypatlaryna eýe edýär. Kitaby özüne höwür edinen adamyň ruhy belent bolýar. Hut şonuň üçin-de pederlerimiz diňe bir kitaba däl, eýsem, kitapdan kemal tapyp ylymlar dünýäsine aralaşyp, onda meşhurlyga ýeten ylymly-bilimli adamlary-da hormatlap, derejeläpdirler. Kitap ynsanlara ruhy baýlyk, ylham paýlaýan gymmatly çeşme. Ol halkyň, tutuş adamzadyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny öz sahypalarynda müdimilik saklaýar. Kitaplar, özlerine ýazylan gymmat baha maglumatlary-akyl sandyklaryny aýap nesillerden nesillere gowşurýan akyl gämileri mysalydyr. Kitabyň bu artykmaçlyklary barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr. Ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär”. Gowy kitap okamak bilen adam özüni has-da güýçli, bilimli we ynamly, bagtyýar we ruhubelent duýýar, işi hemişe rowaçlyklara beslenýär. Gündogaryň meşhur söz ussady Abdyrahman Jamy “Eger ýalňyz bolsaň hemdem kitapdyr, Ylym äleminde nur hem kitapdyr” diýip ýazýar hem-de pikirini

Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,

Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy.

Kitap dostdur asla gama batyrmaz,

Paýhasyň goýaldar, pikirleň şasy -diýip dowam edýär.

 Alyşir Nowaýy “Jahanda kitap deýin mährem zat bolmaz” diýip belläpdir.

Abu-Abdylla RUDAY bolsa:

Adamlaň akylynyň çyragy bilim,

Beladan saklaýan ýaragy bilim.

 

Aramym-kararym jism içre janym,

Tükenmez hazynam, magdanym-känim,

Namazym hem rozam, nury-imanym,

Köwser arygyndan içen kitabym.  MÄTÄJI

Kitapda bakylyk häsiýeti bar. Ol adamzat işiniň iň uzak möhletli miwesidir.Kitap bizi döwrüň iň paýhaslylary bilen duşuryp, has gowy jemgyýete ýollaýar.Kyn günlere uçranyňda haraýy elmydama kitapdan gözleýärsiň. Şonda köplenç şeýle bir kitaplary tapyp okaýarsyň welin, göwnüňe bolmasa, ol ýörite seniň üçin, hut seniň şol kyn günüň üçin ýazylan ýaly bolýar.Kitap paýhasy ýaýmagyň guralydyr. Adamzat döredijiliginiň iň täsin we ünse mynasyby kitapdyr. Onda geçmişi pikirler ýaşaýar, danalaryň sesi ýaňlanýar. Adamyň gazananlary, ýeten derejeleri, jadyly güýç ýaly kitaplaryň sahypalarynda saklanyp galypdyr.Kitaplar arzuw-isleg döredýär, durmuşa çagyrýar, adamy pikirlenmäge mejbur edýär, çekeleşiklerde özbaşdak bolmak ukybyny terbiýeleýär.Teňňeleri üýşürseň manat boluşy ýaly, okalan her bir jümleden hem düşünje döreýär.Medeniýetli adamyň terbiýesine iki zat has güýçli täsir edýär: sungat we ylym. Bu iki güýç kitapda jemlenendir.Kitap adamyň dosty hem maslahatçysydyr. Bu örän köp, oňat pikirleriň, duýgularyň, bilimleriň çeşmesidir. Şonuň üçinem kähalatlarda haýsydyr bir kitaby näme üçin has oňat görýändigiňi kesgitlemek kyn bolýar. Adam ýaşadygyça onuň dünýägaraýyşy, durmuşy göz öňüne getirişi, durmuşyndaky ýagdaýlar üýtgeýär, şol wagtlar oňa beýleki kitaplar gerek bolýar.Kitap biziň pikir etmedik ukybymyzy herekete getirýän uly bolmadyk gural. Ol aň ýaltalygymyza garşy göreşýän pikir hereketimizdir.Kitap adamzada mahsus bolan maglumatlaryň tükenmez çeşmesi we medeniýetiň mermer daşydyr. Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, eşidip bilmeýän zatlarymyzy eşitdirýän, asyrlary bir-birine baglaýan köprüdir. Ol ençeme derdiň dermanydyr. Diwarlary medeniýet kerpiçlerinden galdyrylan binadyr, taryhda yz galdyran beýik akyldarlaryň dürdäne setirlerinden ybarat bir ymaratdyr.Kitap – gelejege ýollanan nama, tertibe giren duýgy, mumyýalanan pikirdir. Kitap biziň bilen bilelikde ýaşar, bilelikde boý alar.Geçmişi-geljegi ýakynlaşdyrýan, ynsany-ynsana dost edýän hem kitapdyr. Ynsan ýa ölümi saýlar, ýa-da kitaby. Kitaby saýlan adam uzak ýaşar. Hatda ölümem ony öldürip bilmez. Sebäbi ol eserleri bilen ölmez-ýitmez ömür gazanýar. Möwlanany hem ebedi ýaşadýan onuň «Mesnewisi» dälmidir eýsem?!“Kitap yşyk girmeýän binalaryň kölegesinde üşän mahalymyz bizi öz ýylyjak dünýäsine çagyrýan dostdyr. Ýarygije gapysyny kaksagam, birahat bolmaýan, ýüz öwrenimizde gynanyp, öýke-kine edip ýörmeýän dostdyr. Bermegi halaýan, emma berende minnet etmeýän, berdim diýip, tumşugyny göge tutmaýan ýoldaşdyr…Kitap medeniýetiň ölçegidir. Bir milletiň ösüş derejesi şol milletiň kitap okaýyş derejesi bilen kesgitlenilýär.Ata-babalarymyz ýörişe çykanlarynda kitaplaryny hem gatyrlara ýükläp, ýanlary bilen alyp gidipdirler. Bu olaryň taryhda beýik döwletleri nähili gurandyklaryndan habar berýär. Taryhda watandaşlaryny kitap okamaga endik etdirmek üçin her hili usullary ulanyp gören döwlet işgärleri bolupdyr. Samanogullary döwletiniň bir hökümdary jenaýat edenleri kitaphana gabar eken. Eger bir zatlar öwrenip, kitaplary okap çyksa, onda ony azat eder eken. Gadymy Eýran şalary-da, bir alyma jeza berjek bolanlarynda, ony sowatsyz bir kişiniň ýanynda goýar ekenler.Meşhur oýlap tapyjy, alym Edisonyň hiç hili sowady bolmandyr, öwrenen zatlarynyň ählisini ejesinden öwrenipdir, ejesi oňa peýdaly kitaplary okamagy öwredipdir. Onuň açyşlarynyň gözbaşynda bir hakykat ýatyrdy, olam, gyzyklanýan temaňa degişli näçe kitap bar bolsa, şolaryň hemmesini okap çykmak we soňra kitaplaryň ýeten ýerinden işe girişmek.Aňyň durlanmagy üçin gadymy nusgawy alymlaryň işini okandan gowysy ýokdur. Ýarym sagat okanyňda özüňi tämizlenen, berkän, ruhubelent duýýarsyň – edil arassa çeşmä suwa düşen ýaly bolýarsyň.Adamzadyň ähli ugurlarda gazananlary we ýeten bilim derejeleri kagyzyň ýüzünde, kitaplarda saklanýandyr. Kitaplaryň toplumy, kitaphanalar adamzadyň ýadynyň ýok bolup gitmekliginiň öňüni aljak ýeke-täk umytdyr.

 

“Halallyk kyssalary” atly kitapdan kitap okamagyň peýdasy hakynda:

  1. Kitap okamaklyk ýürege ornan was-wasy, gaýgy-gamy, tukatlygy aýrar;
  2. Her bir işde nähaklyk etmekden saklar;
  3. Bikär, işýakmaz adamdan çetde bolarsyň;
  4. Sakynyp-säginmekden saklap, sözleriňe çeperlik we şirinlik çaýar;
  5. Aklyň öser, zehiniň joşar, pikiriň durlanar;
  6. Bilime baý bolup, ýatkeşligiň we düşünjäň ýitileşer;
  7. Ynsanlaryň tejribesini, hekimleriň hikmetlerini, alymlaryň ylymlaryny özleşdirersiň;
  8. Ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapýarsyň;
  9. Akyly perişanlykdan, kalby birahatlykdan, wagty bimany geçirmekden (zaýalamakdan) saklar;
  10. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek eder.
  11. Janyň iýmiti iýmek ýa-da içmekde däl-de, täze zatlary öwrenmekde we manylara düşünmekdedigini subut eder.

Agajan Muhyýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň

          Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

           mekdebiniň Okuw bölüminiň müdiri.

“Demirýollary”: ýük daşamak hyzmatynda täzelik

Ýene-de okaň

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy