Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün seniň üçin güýçli energiýa bilen başlar. Irden özüňi ruhubelent duýarsyňyz. Täze meýilnamalar hakda oýlanarsyňyz we işe höwes bilen başlarsyňyz. Käbir garaşylmadyk habar gelip biler. Bu habar sizi geň galdyrar. Emma çalt özüňi ele alarsyňyz. Işde ýolbaşçylaryň ünsüni çekersiňiz. Şeýle hem kärdeşleriňiz bilen hyzmatdaşlyk gowy bolar. Günortadan soň birneme ýadawlyk duýulyp bilersiňiz. Şonda dynç almak peýdaly bolar. Ýakyn adamlaryňyzdan goldaw alarsyňyz. Söýgi gatnaşyklarynda ýylylyk artar. Agşam özüň üçin wagt taparsyň. Köne pikirleriňizi tertibe salarsyňyz. Ertire täze maksatlar goýarsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün siz asuda ýagdaýda oýanarsyňyz. Içki rahatlyk sizi gurşap alar. Işleriňizi tertip bilen ýerine ýetirersiňiz. Maliýe meselelerinde oýlanyşykly hereket edersiňiz. Şeýle hem bir mümkinçilik peýda bolup biler. Ony sypdyrmazlyk üçin ünsli bolyň. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek aňsat bolar. Günortadan soň biraz howlukmaçlyk bolup biler. Emma siz ýagdaýy dogry dolandyrarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda maşgalaňyz bilen geçirilen wagt sizi güýçlendirer. Ýakynlaryňyz bilen açyk gürrüň edersiňiz. Bu siziň ýüregiňizi ýeňleder.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Irden birnäçe pikirler kelläňize geler. Täze başlangyçlara höwes edersiň. Işde çalt çözgüt taparsyňyz we dostlaryňyzdan gyzykly habarlary alarsyňyz. Bu siziň keýpiňizi göterer. Kärdeşleriňiz bilen gürrüňleriňiz köp bolar. Käbir ownuk düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Emma siz ony ýumşaklyk bilen çözersiňiz. Günortadan soň döredijilik güýjü artar. Maşgalaňyz bilen aragatnaşyk güýçlener. Söýgi durmuşynda hereketlilik bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Irden birneme aladaly oýanarsyňyz. Käbir pikirler sizi goýbermez. Emma wagtyň geçmegi bilen ýagdaý ýeňilleşer. Işde birneme kynçylyk ýüze çykyp biler. Siz sabyr bilen çözgüt taparsyňyz. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek möhüm bolar. Günortadan soň ýagdaý gowulaşar. Ýakynlaryňyz biri bilen gürrüňdeş bolarsyňyz. Bu siziň ýüregiňizi ýeňleder. Maşgalaňyz bilen ýyly atmosfera bolar. Söýgi durmuşynda duýgular güýçlener. Agşam özüň bilen baş-başa galmak islärsiňiz. Pikirleriňi tertibe salarsyňyz. Ruhy taýdan güýçlenersiňiz. Ertire täze umyt bilen başlarsyňyz. Bu sizi hasda güýçli eder.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün Esetler üçin şöhle saçýan gün bolar. Irden özüňi ynamly duýarsyňyz. Adamlar siziň ünsüňizi çeker. Işde üstünlik gazanarsyňyz. Täze mümkinçilik peýda bolar. Ondan peýdalanmak siziň eliňizde. Kärdeşleriňiz sizi uly höwes bilen goldarlar. Günortadan soň täze habar gelip biler. Bu siziň keýpiňizi has-da göterer. Söýgi durmuşynda romantika artar. Ýakyn adamlaryňyz bilen gowy wagt geçirersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün tertip-düzgün ilkinji ýerde bolar. Irden ähli zady planlaşdyrarsyňyz. Işleriňizi wagtynda ýerine ýetirersiňiz. Ownuk detallara üns berersiňiz. Bu bolsa sizi üstünliklere ýetirer. Kärdeşleriňiz bilen gowy aragatnaşyk bolar. Günortadan soň birneme ýadawlyk duýarsyňyz. Emma maşgalaňyz bilen aragatnaşyk sizi rahatlandyrar. Söýgi durmuşynda durnuklylyk artar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün deňagramlylyk siziň üçin esasy bolar. Irden birneme ikirjiňlenip bilersiňiz. Iki saýlaw arasynda galarsyňyz. Emma wagtyň geçmegi bilen çözgüt taparsyňyz. Işde hyzmatdaşlyk möhüm bolar. Kärdeşleriňiz bilen düşünişersiň. Günortadan soň ýagdaý ýeňilleşer. Täze pikirler ýüze çykar. Söýgi durmuşynda ýylylyk bolar. Ýakyn adamlaryňyz bilen gowy gürrüňleri edersiňiz. Maşgalaňyz bilen wagt geçirmek sizi bagtly eder. Agşam dynç alarsyňyz. Özüňize wagt bagyşlarsyňyz. Pikirleriňizi tertibe salarsyňyz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün içki güýjüňiz güýçli bolar. Irden özüňi ynamly duýarsyňyz. Adamlaryň niýetini aňsat duýarsyňyz. Bu bolsa szi güýçlendirer. Işde möhüm kararlary kabul edersiňiz. Kärdeşleriňiz sizi goldar. Günortadan soň birneme dartgynly ýagdaý bolup biler. Emma siz sabyrly bolarsyňyz. Söýgi durmuşynda duýgular güýçlener. Ýakyn adamlaryňyz bilen açyk gürrüň edersiňiz. Bu gatnaşygy güýçlendirer.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün erkinlik duýgusy güýçlener. Irden täze pikirler bilen oýanarsyňyz. Syýahat ýa-da täze meýilnama hakda oýlanarsyňyz. Işde döredijilikli bolarsyňyz. Kärdeşleriňiz bilen gowy aragatnaşyk bolar. Günortadan soň gyzykly habarlary alyp bilersiňiz. Bu siziň keýpiňizi göterer. Söýgi durmuşynda hereketlilik bolar. Ýakyn adamlaryňyz bilen gowy wagt geçirersiňiz. Maşgala bilen gatnaşyklaryňyz gowlanar. Agşam dostlaryňyz bilen habarlaşarsyňyz
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Irden işleriňize çynlakaý çemeleşersiňiz. Maksatlaryňyzy anyk kesgitlersiňiz. Işde öňegidişlik gazanarsyňyz. Kärdeşleriňiz size hormat goýarlar. Günortadan soň birneme ýadawlyk duýarsyňyz. Bu wagt dynç almak peýdaly bolar. Maliýe meseleleriňizde üstünlikli bolar. Girdejiňizi dogry dolandyrarsyňyz. Söýgi durmuşynda durnuklylyk bolar. Ýakyn adamlaryňyz bilen düşünişersiňiz. Maşgala bilen gatnaşyklaryňyz güýçlener.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün döredijilikli pikirleriňiz öňe çykar. Irden täze ideýalar bilen oýanarsyňyz. Işde üýtgeşik çözgüt taparsyňyz. Kärdeşleriňiz sizi goldarlar. Täze taslamalara başlap bilersiňiz. Günortadan soň birneme howlukmaçlyk bolup biler. Emma siz ýagdaýy dolandyrarsyňyz. Söýgi durmuşynda oňyn ýagdaýlar bolar. Ýakyn adamlaryňyz bilen gowy gürrüňleri edersiňiz. Maşgalaňyz bilen aragatnaşyk güýçlener. Agşam özüňe wagt bagyşlarsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün duýgurlyk ýokary bolar. Irden özüňizi birneme pikirli duýarsyňyz. Içki sesiňize gulak asarsyňyz. Bu sizi dogry ýola ugrukdyrar. Işde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Emma howlukmaň. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek möhüm bolar. Günortadan soň ýagdaý ýeňilleşer. Ýakyn biri bilen gürrüň edersiňiz. Bu siziň ýüregiňizi ýeňleder. Söýgi durmuşynda duýgurlyk güýçlener. Maşgalaňyz bilen ýyly atmosfera bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
