SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Iňňe taryh bolýar: 3D görnüşinde çap edilen sanjym ýasaldy

ABŞ-da iňňelere zerurlygy aradan aýyrýan 3D görnüşli waksina ýasaldy. Waksinanyň lukmançylyk kagyzyndaky mikro iňňeleriň kömegi bilen deriniň aşagyna geçip biljekdigi we iňňäniň zerurlygy ýokdugy mälim edildi.

ABŞ-da Stenforddan we Demirgazyk Karolina uniwersitetinden (UNC) alymlaryň bilelikdäki işiniň netijesinde iňňelere zerurlygy aradan aýyrýan 3D görnüşli waksina kagyzyny döredendiklerini habar berdiler.

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň press-relizinde iki uniwersitetiň alymlarynyň bilelikdäki işi bilen alnan 3D çap edilen sanjym kagyzynyň adamlara özbaşdak waksina ýüz tutmagynyň aňsatdygy we iňňeleriň ýok ediljekdigi mälim edildi. Stenford uniwersitetiniň professory Jozef M. DeSimone: “Bu tehnologiýany ösdürenimizde, sanjymlaryň has pes dozada, şeýle hem sanjymlaryň agyrysyz we biperwaý görnüşinde global ösüşiniň düýbüni tutmagy maksat edinýäris” diýip, çykyş etdi.

ABŞ-nyň mikrobiologiýa we immunologiýa boýunça gözlegçisi Şaomin Týan: “Biziň çemeleşmämiz bize köp dizaýn erkinligini berýär we öndürijilik hem-de çykdajy taýdan iň oňat mikro iňňelleri öndürmek üçin gönüden-göni 3D çap edilen mikro iňňeleri döretmäge mümkinçilik berýär” -diýdi.

3D usuly bilen zolakly ýukajyk inçejikde çap edilip bilinjek sanjymyň, kagyzyň üstündäki mikro iňňeleriň kömegi bilen deriniň aşagyna geçip biljekdigi, adaty iňňeleriň zerurlygy ýokdugy hem mälim edildi.

Mundan başga-da, alymlar 3D usuly bilen ulanylýan sanjymyň adaty iňňe sanjymyndan has köp gorag üpjün edip biljekdigini bellemek bilen, alymlar dümew, gyzamyk, gepatit we hatda “Covid-19” üçin mikro-iňňe sanjymlarynyň döredilip bilinjekdigini bellediler.

 

Kanadada öndürilen ösümlik esasly koronasanjymy

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!