SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dellekhana we tikinçilik atelýeleriň iş möhleti

Türkmenistanda dellekhana we tikinçilik kärhanalarynyň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutup, olaryň işine 1-nji noýabra çenli rugsat bermek göz öňünde tutuldy.

Bu iş ýerleriniň 09:00-dan 20:00-a çenli sanitariýa we arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda hereket etmegi zerur bolup durýar. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilýär.

Şuňa meňzeş talaplar sebitdäki we dünýädäki durnuksyz epidemiologiki ýagdaý sebäpli amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli, halkara uçar gatnawlary 31-nji oktýabra çenli, şeýle hem Hazarda dynç almaklyk 1-nji noýabra çenli çäklendirildi.

Saýtymyza bugün ýerleşdiren habarymyzdan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň  Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler. Şeýle hem saýtymyza  oktýabr aýynyň birinji on günlüginde Azerbaýjandaky türkmen raýatlary parom arkaly we Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň 50-si “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan öýlerine gaýdyp gelerler diýip habar ýerleşdiripdik.

ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

 

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär