SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awstriýada 4 gezek çäklendirme girizilýär

Awstriýa Respublikasynda soňky 2 ýylyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşde 4-nji gezek ählumumy çäklendirme girizilýär. Bu çäklendirmäniň çäklerinde ýurduň ähli jemgyýetçilik edaralary we kärhanalary karantin edilýär. Raýatlar öýlerinden diňe gaty zerurlyk bolmasa, çykmak gadagan edilýär.

Dünýäde koronawirus ýokanjy sebäpli Ýewropa ýurtlarynda täze wakalar ýüze çykýar. Şonuň üçin Awstriýada, Germaniýada, Niderlandlar Patyşalygynda täze çäklendirmeler girizilýär.

Awstriýanyň hökümeti täze girizilýän çäklendirmeleri köpçülikleýin sanjymyň pes derejede alnyp barylmagy bilen düşündirýärler. Indiki ýyldan ýurtda sanjym işini hökmany ýagdaýa getirmek hem göz öňünde tutulýar.

Ýurduň hökümeti ilkibaşda diňe sanjym bolmadyklar üçin çäklendirme girizmegi meýilleşdiripdi. Soňra çözgütler üýtgedilip, ähli ýurtda çäklendirmeler girizmek bellenildi.

ÝEWROPA ÝURTLARYNDAKY SOŇKY ÝAGDAÝ

Ýewropanyň merkezi hasaplanýan Belgiýada hem çäklendirmeler göz öňünde tutuldy. Muňa garşy çykan raýatlar hem boldy.

Çehiýada hem şu günden başlap, çäklendirme düzgünleri berkidilýär. Iş berijiler sanjym bolmadyk işgärlerini her hepde lukmançylyk barlagyndan geçirmeli bolar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/g7-yurtlary-covid-19-a-garsy-sanjym-reytingi/

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!