SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gresiýa daşary ýurtly syýahatçylar üçin açyldy

Düýn ― 14-nji maýda Gresiýanyň hökümeti ýurduň daşary ýurtly syýahatçylar üçin açylandygyny habar berdi. Şeýlelikde, Gresiýa geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri ilkinji gezek daşary ýurtly kabul edip başlady.

Ýurduň Syýahatçylyk ministrligi tarapyndan berlen beýanatda şu ýyl syýahatçylykdan geljek girdejiniň geçen ýylkydan has köp boljakdygyna umyt bildirilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurtda güýçli depginde dowam edýän waksina kampaniýasynyň tomsuň ortasyna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Häzir Gresiýada «Pfizer-Biontec», «Moderna» we «Johnson and Johnson» waksinalarynyň 3 million ölçegden gorwagy uruldy.

Ýurtda syýahatçylyga rugsat berlen dessine germaniýaly syýahatçylaryň bir topary müňlerçe ýyllyk taryhy bolan ýadygärlikleri görmek üçin geldiler.

 

UFC-de ýeňil agramyň guşagyna täze eýe tapylar

 

 

Related posts

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Stambul uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri