SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2 ýyldan soňra ýüzbe-ýüz sapaklar başlaýar

Koreýa Respublikasynda pandemiýa başlandab bäri ýapyk duran mekdepler täzeden açylýar. Bu barada ýurduň Bilim ministrligi habar berýär.

Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “COVID-19 bilen ýaşamak” atly hökümet meýilnamasyna laýyklykda, ýurduň çägindäki ähli çagalar bagy, başlangyç we orta mekdepler doly görnüşde okuwa başlar. Ol hem pandemiýa başlandna bäri geçen 2 ýyla golaý wagtdan soňra öňümizdäki duşenbe güni başlaýar.

Bu aýyň başynda ýurduň hökümeti adamlaryň kem-kemden adaty durmuşa dolanyp gelmegi babatdaky 3 tapgyrlaýyn meýilnamanyň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemgyýetçilik araçäk düzgünini ýeňilleşdirdi. Ýöne bilim edaralary akademik kolležleriň synaglary gutarýança bu düzgüni yza süýşürdi. Bu synaglar düýn tamamlandy.

Şeýle hem Bilim ministrligi beýleki sebitlere garanyňda, wirus bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýyň dowam edýän uly Seulyň etraplaryndaky mekdeplere koronawrius ýokanjyna garşy göreşmekden maliýe kömegini bermegiň dowam etdiriljekdigini belledi.

Ýerli bilim edaralaryna mekdepleriň koronawirus pandemiýasynyň ýagdaýy göz öňünde tutulyp, mekdebe gatnamak we synplaryň gürlügini özbaşdak kesigtlemäge mümkinçilik bermek tabşyryldy.

Ýurduň bilim ministri Ýu Yn He hökümetiň talyplaryň uly böleginiň sanjym bolmagy üçin höweslendiriş çärelerini göz öňünde tutýandygyny belledi.

 

Awtoulag ägirtleriniň elektrik ulaglary

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy