SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan «TOURISM EXPO OSAKA 2023» syýahatçylyk sergisine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 26-29-njy oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «Tourism Expo Osaka 2023» atly halkara syýahatçylyk sergisinde Türkmenistanyň milli diwarlygy mynasyp orun aldy.

Sergide Türkmenistanyň milli syýahatçylyk pudagynda ýeten sepgitleri, syýahatçylyk ugurlary we bu ulgamda hödürlenýän hyzmatlar barada giňden görkezilýär. Şeýle hem daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalary we sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli baýramlary bilen tanyşdyrylýar.

Serginiň işine gatnaşýan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.

Syýahatçylyk ugrunda işjeň işleri alyp barýan «Aşgabat syýahat», «Aziýanyň merjeni», «Aýan», «Dag syýahat», «Durdynyýaz» we «Halkara syýahat» kärhanalary sergä gelýänlere öz mümkinçiliklerini hödürleýärler.

«Tourism Expo Japan 2023» halkara syýahatçylyk sergisi her ýylda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi tarapyndan guralýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar