SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň çäginden üstaşyr geçjeklere tranzit wizasyny almak maslahat berilýär

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Telegram» jemgyýetçilik torunda federasiýanyň çäginden üstaşyr geçmekçi bolýan daşary ýurt raýatlaryna tranzit wizasyny almagy maslahat berýär. Bu wiza Russiýa Federasiýasynyň çägine geçmekçi bolnanda bökdençligiň döremezligi üçin zerurdyr.

Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen başga ýurda geçmekçi bolýan raýatlar hökmany ýagdaýda geçiş wizasyny almalydyrlar. Bu Russiýanyň çägindäki howa menziline gelen we şol ýerden 24 sagadyň dowamynda başga ýurda geçmekçi bolýan daşary ýurt raýatlary üçin hem degişlidir.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk bölüminiň şu ýylyň 1-nji awgustyndan Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri we talyplary üçin okuw wizasyny hem resmileşdirip başlandygy ozal habar beripdik.

Related posts

COVID-19: GDA ýurtlarynda çagalara sanjym edilip başlandy

Syýahatçylar çäklendirmelerden azat

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

Ata Watan Eserleri