TEHNOLOGIÝA

Ýerli “Nuri” atly hemrasyny uçurdy

Kosmos ýaryşyna ýene bir ýurt goşuldy. Aýa gitmegi maksat edinýän ýurtlaryň biri bolan Günorta Koreýa ilkinji gezek içerki enjamlar bilen işlenip düzülen raketasyny kosmosa iberdi. Seulyň hökümeti 2027-nji ýyla çenli ýene dört “Nuri” hemrasyny kosmosa ibermek isleýär.

Ýurduň paýtagty Seuldan 500 km uzaklykda ýerleşýän, Goeungdan uçurylan emeli hemranyň doly ady “Koreýa hemra uçuryjy ulag 2”. Şeýle-de bolsa, öz baýlyklary bilen Günorta Koreýa tarapyndan işlenip düzülen hemra gysgaça “Nuri” adyny dakdylar. Koreý dilinde “Nuri”, dünýä diýmekdir.

Seulyň administrasiýasy 1,5 tonnalyk emeli hemrany kosmosa iberdi. Uçuryş alty motorly 47.2 metr raketa bilen amala aşyryldy. Emeli hemranyň bahasy 1,7 milliard dollara barabardyr.

Günorta Koreýa şu wagta çenli kosmosa ýedi sany hemra iberdi. Günorta Koreýanyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli Aýa ulag ibermekdir.

 

Ýöriteleşdirilen elektrikli tigir

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi