SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusdan goraýan myhmanhana gurlar

500 ýaşaýyş jaý otagyndan we myhmanhana otagyndan ybarat bolan köp gatly bina gurulýar. Bu binanyň aýratynlygy koronawirusdan doly goralýan bolmagydyr.

ABŞ-nyň Florida ştatynda guruljak beýik bina 55 gatdan ybarat bolup, onuň 10 gatynda lukmançylyk merkezi hyzmat eder. Şol ýerde anyklaýyş işleri geçirilip, zerur bolan lukmançylyk kömegi berler.

Gatlarda bolsa robot tam süpürijiler hyzmat eder. Olar dürli bakteriýalaryň aralaşmagynyň öňüni almaga ýardam eder.

Bu köp gatly myhmanhana binasy adaty görnüşde taslamalaşdyryldy. Ýöne pandemiýanyň başlamagy bilen oňa birnäçe düzedişler girizildi.

Taslamanyň bahasy ýarym milliard dollar. Myhmanhanany 3 ýylda gurmak meýilleşdirilýär.

 

72 ýaşly adam aýalyna aýlanýan jaý gurup berdi

 

Related posts

Çomuç Toşabynyň Tagamy

Ata Watan Eserleri

Bill Geýtsden täze pandemiýa barada…

Ata Watan Eserleri

Maýmyn mama keselini ýüze çykarýan test serişdeleri taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri