SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus üçin derman serişdesi taýýarlandy

Koronawirusa garşy alnyp barylýan göreşiň çäginde her gün täze ösüşler bolup geçýär. Ýewropa Bileleşiginiň derman serişdelerini düzgünleşdiriji, Ýewropanyň lukmançylyk guramasy koronawirus ýokanjyny bejermek üçin işlenip düzülen “Ronapreve” dermanynyň rugsatnamasyna baha bermäge başlady.

Berlen ýazmaça beýanatda Şweýsariýanyň derman kärhanasy “Roche”  we ABŞ-nyň kärhanasy “Regeneron” tarapyndan bilelikde öndürilýän “Ronapreve” atly monoklonal antikor bejergisi Ýewropada bazara çykaryljakdygy habar berildi.

Bu dermanlar keseliň öňüni almak üçin hem-de bejergi döwründe ulanmak üçin taýýarlandy. Beýanatda goşmaça kislorod bejergisine mätäç bolmadyk we agyr keseliň döremek howpy ýokary bolan 12 ýaşdan uly adamlary bejermekde hem bu dermany ulanylyp bilinjekdigi mälim edildi.

Dermanlaryň ulanylmagyna iki aýyň içinde rugsat beriljekdigi aýdylýar.

 “Toýota Mirai” dünýä rekordyny täzeledi

 

Related posts

Moskwa-Aşgabat-Moskwa uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

Farap şypahanasy

Ata Watan Eserleri