TEHNOLOGIÝA

 “Toýota Mirai” dünýä rekordyny täzeledi

“Toyota” kompaniýasynyň wodorod ýangyjy bilen işleýän “Toyota Mirai” belli bir mukdarda ýangyç we ýönekeý tehniki hyzmatyň kömegi bilen mümkin bolan iň uzak aralyk üçin täze rekord goýdy. Iki günlük ýoldan soň awtoulag 1360 kilometri geçdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda tassyklanan bu menzil üçin 5,65 kilogram wodorod ulanyldy. Bu geçilen menziliň maksady wodorod ýangyç tehnologiýasy arkaly uzak aralygy geçmek mümkinçiliklerini görkezmekden ybarat boldy.

Käbir bilermenler, “Volkswagen” we “Tesla” kompaniýalarynyň elektrik batareýalarynyň arassa, uzak aralyga sürmek üçin wodoroddan has gowy usuldygyny öňe sürýärler.

Aslynda, wodorod bilen işleýän ulaglar edil elektrik ulaglary ýaly elektrik bilen işleýär. Şeýle-de bolsa, wodorod ulaglarynda batareýa ýok. Bu ulaglar içindäki wodoroddan elektrik energiýasyny alýarlar.

Merkezi Aziýa – Aýlag ýurtlary arasynda täze hyzmatdaÅŸlyk formaty döredilýär

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi