TEHNOLOGIÝA

Redmi telefony halkara setifikata mynasyp boldy

M2006C3LG belgili Redmi telefony ýakynda FCC şahadatnamasyny aldy. Käbir maglumatlara görä, bu smartfon öňümizdäki Redmi 9A bolup biler. Bu smartfon MIUI 12 operasiýa ulgamy bilen üpjün edilýär. Şeýle hem goşa SIM kartalary we 2.4 GGs Wi-Fi torlaryny goldaýar.

FCC şahadatnamasy ABŞ-da öndürilen ýa-da satylan elektron önümlerinde ulanylýan kepilnama belligi bolup, enjamdan elektromagnit päsgelçiligiň Federal aragatnaşyk komissiýasy tarapyndan tassyklanandygyna şaýatlyk edýär.

Mundan başga-da, bu Redmi telefonynyň içinde 4900 mAh batareýa bar we 10W güýçlendiriji bilen üpjün edilýär.

Soňky maglumatlara görä, Redmi 9 seriýasynda azyndan dört sany smartfon bolar. Bulara Redmi 9, Redmi 9A, Redmi 9C we Redmi 9C NFC wersiýasy degişlidir.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar