SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ilkinji pomadanyň döreýiş taryhy

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, pomadalar dodakda reňkli bir görnüş emele getirmek üçin ulanylýar. Ortaça aýdanymyzda 1 zenan ýaşaýşynyň dowamynda ortaça 2kilograma golaý pomada ulanýar diýip aýdylýar. Miladydan öň 7000-nji ýylda Müsürliler dodaklary reňke boýaýan ilkinji adamlardy.  Häzirki wagtda ulanylýan pomadalar 1915-nji ýylda  Amerikada Maurise Lewy tarapyndan oýlanyp tapyldy.

Müsürlileň döwründe pomada ýasalanda  zäherli maddalardan taýýalanýan eken, bu hem adam saglygyna zyýanly hasap edilipdir. Kosmetikalar asyrlar boýy modanyň bir görnüşi hasap edilip gelinýär. 1500-nji ýyllarda  Angliýanyň şazenany Elizabet 1-njiniň döwründe zenanlar ýüzlerini ak edip, dodaklaryny we ýaňaklaryny gyzyl reňke boýaýan ekenler.

Häzirki wagtda pomadalar esasan 3 maddadan öndürilýär, şem  maddanyň gaty halda çalt şekil bermegine ýardam edýär. Ýag hem  ýaýramagyna kömek edip, pigmentler bolsa pomada reňk berýär.Pomada ýaldyramaklygy üçin hem balygyň teňňeleri ulanylýar diýip maglumat berilýär.  Bulardan başga hem nemlendirijiler, günden goraýan maddalarda goşulyp bilner.

Himik Hazel Bishop 1940-njy ýyllarda uly himiýa kompaniýada işleýärdi. Ol geçiren 300 tejribesinden soňra pomadanyň başga bir görnüşini oýlap tapdy.

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar