BIZNES

“Fendi” markasy barada maglumat

“Fendi” markasy Italiýada döredilip, dünýäniň iň gowy ýantorba öndüriji kompaniýasy hasap edilýär.

“Fendi” markasy 1925-nji ýylda  Adele we Edoarda Fendi tarapyndan guruldy. Işleri ilki deriden dükan hökmünde açyldy. 1946-njy ýylda Edoardo  aradan çykdy, “Fendi” markasyny onuň bäş gyzy we aýaly ýöretmäge başlady.

Karl Lagerfeld 1933-nji  ýylda dünýä inýär. Karl Pariže gelende 14 ýaşyndady. 19 ýaşynda zehin ýaryşynda egin-eşik dizaýn edip gatnaşdy, netijede gazandy. Bu ýaryşdan soňra Jean  Patou bilen işläp başlady.

1965-nji ýylda Fendi doganlar Karl Lagerfeldi işe aldylar.1977-nji ýylda Lagerfeld  “Fendi” markasynyň zenanlar üçin taýýar geýim dörediji direktory boldy.

1980-nji ýyllarda “Fendi” meşhur marka hökmünde tanalyp, atyr we egin-eşik döredip başlaýar. “Fendi” markasynyň logosyny oýlap tapan Karl Lagerfelddir  1983-nji ýylda Pariždäki meşhur moda öýi Chanel bilen işlemäge başlap, bir ýyl soňra ol “Karl  Lagerfeld” markasyny döredýär.

2019-njy ýylda Lagerfeld aradan çykandan soňra, zenanlar üçin döredilýän kolleksionlaryna ýolbaşçylygy  Kim Jonesa berilýär.

Özbegistan Türkmenistanyň Prezidentine garaşýar

 

Related posts

“Türkmengaz” döwlet konserni halkara duşuşyklaryny geçirdi

Ata Watan Eserleri

Serdar Berdimuhamedov Bakan yardımcısı oldu

vepa

Birža täzelikleri:geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy