BIZNES

Türkmenistan-Gazagystan: haryt dolanyşygy 1 milliard dollara ýetiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri beýan edildi.

Gazagystanyň “Samruk-Kazyna” gaznasynyň wekili Aýdar Kazybaýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly depgini barada belläp geçdi.

2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 500 million dollara barabar boldy. Öňde has uly wezipe dur. Ol hem özara haryt dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Gazak kompaniýalary türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda, hususan-da, nebitgaz, gurluşyk, logistika, obasenagat toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biri ulag we logistika infrastrukturasyny ösdürmekdir. Gazagystan bilen Türkmenistan umumy Hazar deňzi bilen birleşip, bu hem özara peýdaly hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikler açýar.

Related posts

Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämi ýygnalýar

TAPI Temel atma töreni 23 Şubat’ta : Hindistan’da temaslar

vepa

Türkmenistanda azyk önümleri önümçiligi ösdürilýär: 138 ýyladyşhana guruldy