DÜNÝÄ

Hytaý özüniň baş baýramyny belleýär

Şu gün Hytaý Halk Respublikasy özüniň baş baýramy – Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen gününi belleýär. Ol häzirki zaman hytaýlylar üçin örän möhüm baýramçylyklaryň biridir.

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni – ýurduň baş döwlet baýramydyr. Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni 1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Mao Szedun tarapyndan Pekin şäherindäki Týananmen meýdanynda yglan edildi. 2-nji dekabrda halk häkimiýeti 1-nji oktýabry milli baýram hökmünde yglan etmek hakynda kararnama kabul etdi.

50-nji ýyllarda bu baýramçylygyň esasy çäresi Týananmen meýdanynda geçirilen dabaraly harby ýöriş boldy. 1959-njy ýyldan soňra ýurduň ýolbaşçy düzümi diňe “tegelek” ýyllarda harby ýörişi geçirmek barada çözgüt kabul etdi.

Soňky ýyllarda bu baýramçylgy bellemegiň gerimi has-da giňäp, dülri medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar. Ýurtda baýramçylyk 1-3-nji oktýabr aralygynda bellenilip, şol günlerde dynç alynýar. Ol hem ýurduň içekri syýahatçylygynyň ösüşine goşant goşýar.

Üstümizdäki ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan, şeýle hem beýleki ýolbaşçylar Týananmen meýdanynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy