Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de dostlukly ýurduň halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Milli Liderimiz iberen hatlarynda Hytaýyň geçen döwrüň içinde öz halkynyň zähmetiniň we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyňnetijesinde, ykdysadyýeti ösdürmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanmagy başarandygyny nygtap, hemmetaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňlik hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyňbähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmäge aýratyn üns berýändigini hem-de bu babatda şu ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen üstünlikli geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösüşiň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam edendigini-de belledi.
Şu ýakymly mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi