BIZNES

“Prada” markasynyň taryhy

Aýakgaplaryň görnüşi bilen halkyň ünsüni özüne çeken  “Prada” markasy 1913-nji ýylda Mario Prada tarapyndan  Italiýada döredildi. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa  Mario Pradanyň adyny göterýär. Bu marka diňe bir öndürilen ýerinde meşhurlyk gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň her bir künjegine öz adyny eşitdirmegi başardy. Mario Prada köplenç deri we suw geçirmeýän ýantorbalar, çemodanlar we aýakgaplar öndürýär.

Mario Prada Italiýada 1958-nji ýylda aradan çykdy.

Ol aradan çykandan soňra, onuň ogly kakasynyň işini ýöretmek barada isleg bildirmeýär. Şonuň üçin gyzy Luisa Prada kompaniýanyň başyna geçýär. Ol 1958-nji ýyldan 1978-nji ýyla çenli 20 ýyllap kompaniýany ýöredýär. 1970-nji ýylda onuň gyzy  Miussia Prada şol ýerde işläp başlaýar. 1978-nji ýylda kompaniýanyň başyna Miussia Prada geçýär. Ol öz okan ugry boýunça işlemän, ejesiniň ýoluny dowam etdirýär. Ol diňe bir ýantorba, aýakgap öndürmek bilen çäklenmän, taýýar eşikleri bilen hem öňe saýlanýar. Erkek adamlaryň aýakgaplaryny dürli görnüşde öndürip, satuwa çykarýar.

Miussia Prada 1977-nji ýylda  Patrizio Bertellä durmuşa çykdy. Patrizio Bertelli  Miussia bilen kompaniýanyň has-da kämilleşmegine ýol açýar.

Bu marka öz öndürýän önümleri bilen dünýäniň her bir ýerinde öňe saýlanýar.

ÝB-niň ýörite wekili Türkmenistana sapara geler

 

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi