DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasy: «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşyk

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň utgaşdyrylmagy boýunça derwaýys gepleşikleriň ilerledilmegindäki netijeliligini belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bu formatyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, bu görnüşdäki gepleşikleriň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýändigini nygtady.

MA ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň işjeň özara hereket etmegi üçin ýörite platformanyň döredilmegi baradaky pikir beýan edildi. Bu formatyň ýurtlarynyň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar we ulag ulgamyndaky özarabaglanşyklylyk ýaly ugurlar boýunça mümkinçiliklerini berkitmegiň hem-de giňeltmegiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy göremek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam edilmegine gyzyklanma bildirleriler.

Ministrler şeýle-de Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň oňyn çözülmegine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara isleg bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça bu ýurduň täze hökümeti bilen açyk hem-de özara ylalaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň derwaýyslygy bellenildi.

Mundan başga-da, göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikleriň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, howanyň üýtgemegine we ekologiki meselelere garşy göreşmek, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmegi netijeli gatnaşyklaryň derwaýys ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

 

23-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi