BIZNES

Türkmenistan ilkinji gezek “akylly” telewizorlary eksport edýär

Türkmenistanda öndürilýän “4K Ultra HD” kysymly “akylly” telewizorlar ilkinji gezek daşary ýurt bazaryna eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda mälim edildi.

“orient.tm” saýtynda hem çap edilen habarda, “Aýdyň Gijeler” HJ biržanyň söwdalaryna 6 müň birlik telewizoryny çykardy. “Tolkun” atly “akylly” telewizorlar 32 dýuýmlyk ekrany bilen daşary ýurtly alyjylara birlik bahasy 142 dollardan satuwa çykaryldy. 42 dýuýmlyk şeýle telewizorlar 216 dollardan satylar. “Zemin” atly telewizorlaryň 55 dýuýmlygy 329 dollardan satuwa goýberildi.

“Aýdyň gijeler” HJ 2020-nji ylyň iýun aýynda içerki bazara öz önümlerini çykaryp başlady. Her ýyl bu ýerli kompaniýa 100 müň birligini çykarýar.

“Aýdyň Gijeler” HJ  – Türkmenistanda elektron we elektron tehnologiýasy senagatynda döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. 2017-nji ýylda hojalyk jemgyýeti LED çyralary öndürip başlady we soňlugy bilen kompýuterler, planşetler we netbuklar öndürip başlady.

 

Dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawy belli boldy

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan 2025-nji ýyl üçin goşmaça elektrik şertnamasyny baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň gymmat banknotydy

Ak reňkdäki göwher satuwa çykarylar

Ata Watan Eserleri