SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Alymlar koronawirusyň iň gadymy ata-babalaryny anykladylar

Oksford uniwersitetiniň alymlary 2002 ― 2004-nji ýyllarda wirusyň ýaýramagyna sebäp bolan  SARS-CoV-1 koronawirusyň iň gadymy geçmişiniň we COVID-19-y gozgadyjy SARS-CoV-2-iň  müň ýyl ozalam bardygyny anykladylar. Bu hakda “Current Biology” žurnalynda geçirilen gözlegde aýdylýar.

Makalada: «Bu öňki hasaplamalardan takmynan 30 esse gadymydyr. Bu biziň wiruslaryň gelip çykyşy hakyndaky düşünjämize täze garaýyş döredýär, şeýle hem şuňa meňzeş ýagdaýda başga wiruslaryň ewolýusiýasynyň wagt ölçeglerine bildirýän derejede gaýtadan görüp çykmak mümkin» diýilýär.

Alymlaryň aýtmagyna görä, wiruslar gysga wagtyň içinde tiz ösüp bilýär, ýöne olaryň öz “eýelerine” uýgunlaşmagy gerek. Şeýlelik bilen, masştab taýdan wirusyň ewolýusiýasy olaryň wektorlarynyň ewolýusiýa tizligine baglydyr.

Hünärmenler wiruslaryň üýtgemeleriniň uzak möhletli dinamikasy üçin täze model döretdiler. Bu diňe bir koronawiruslaryň ata-babalaryny hasaplap çykmaga däl, eýsem, RNK we DNK wiruslarynyň giň çägindäki ewolýusion taryhyny diklemäge mümkinçilik berdi.

Hususan-da, anatomiýa taýdan Afrikadan häzirki zaman adamyň görnüşine meňzeş adamlaryň migrasiýasy wagtynda gepatit C wirusy bütin dünýäde ýaýrap biljekdigi anyklandy. Mälim edilmegine görä,ol ýarym million ýyl ozal haýwanlaryň populýasiýasynda ýaýrapdyr.

5 ýylda 111 müň iş orny döredildi

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!