SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat – Türkmenbaşy awtobus gatnawy açylýar

Şu ýylyň 20-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda awtobus gatnawlary bölekleýin açylar. Şonuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenbaşy we Türkmenbaşy — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar dikeldilýär. “Awtomobil ulag hyzmaty” AGPJ-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Awtobuslar sişenbe, penşenbe we şenbe günleri Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine, duşenbe, çarşenbe we anna günleri bolsa yzyna — Aşgabat şäherine gatnawlary amala aşyrarlar.

AWTOBUS GATNAWYNDAN PEÝDALANMAK ÜÇIN ZERUR BOLAN IŞLER

Ýolagçylar bilet satyn almazdan ozal, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-a barlagdan geçip, negatiw netijäni alandygyny tassyklaýan şahadatnamany, koronawirusa garşy üç waksinany hem alandygy baradaky resminamany, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan syýahat üçin berlen rugsatnamany almalydyrlar.

 

Otly gatnawlary ýola goýulýar

 

Related posts

BSGG: Türkmenistan ähli mümkinçiliklere eýedir

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: 4 ugur boýunça biletleri arzanladýar

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

Dr.Döwran Orazgylyjov