Ýaponiýanyň we Ysraýylyň kompaniýalary Aýda kislorod öndürmäge gönükdirilen synag taslamasynda hyzmatdaşlyk ederler. “Kýodo” habarlar gullugynyň habaryna görä, Aýda kislorod öndürmegi maksat edinýän taslamada Ýaponiýanyň “Ispace” bilen Ysraýylyň “Helios” kompaniýalary bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.
Şoňa laýyklykda kompaniýalar Aýdan alnan topragy ýokary temperaturada eredip we elektrolizlemek arkaly kislorod öndürmäge synanyşarlar.
“Ispace” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Hakamada Takeşi taslama barada şeýle diýdi: “Taslama has köp gyzyklanma bildirýän taraplary bu bazara girmäge höweslendirer”.
“Helios” kompaniýasynyň baş direktory Jonatan Geifman, Aýyň topragyndan kislorod öndürmegiň geljekdäki işler üçin möhümdigini aýtdy.
Taslamanyň çäginde Ysraýyl kompaniýasy Aýyň 1 tonna topragyndan 250 kilogram kislorod almagy maksat edinýär.
Ýaponiýanyň “Ispace” kompaniýasy, beýleki tarapdan, 2023-2025-nji ýyllar aralygynda iki dürli döwürde tehniki enjamlar bilen üpjün eder.
Ãapon Premýer-ministri Türkmenistany Olimpiýa medaly bilen gutlady