JEMGYÝET

Plastik galyndylary gumuň ornuny tutup biler

Gurluşyk ulgamy üçin esasy zerur serişdeleriň biri bolan gumuň bahasy daş-töwregiň hapalanmagy bilen barha ýokarlanýar. Hatda dünýäde gum bilen baglanyşykly käbir kynçylyklar hem ýüze çykyp başlady.

Gum gurluşyk pudagynda diýseň köp sarp edilýär. Hatda Ýer ýüzündäki gurluşyklarda her ýyl ortaça 50 milliard tonna çenli gumuň sarp edilýändigi ýüze çykaryldy. Şunda uly paý sement önümçiligine hem degişlidir. Çünki gurluşygyň esasy serişdesi bolan sementiň düzüminiň dörtden birini gum eýeleýär.

Çöldäki we ummanlaryň kenaryndaky gumuň gurluşyk üçin ýeterlik ähmiýetiniň ýokdugy sebäpli, esasan süýji suwly akabalaryň kenaryndaky gum gurluşyk üçin çekilýär. Bu bolsa tebigat üçin zyýanlydyr. Şonuň üçin Hindistan, Kambojiýa, Hytaý we Wýetnam ýaly döwletlerde gurluşyk üiçn gum ulanmak işine käbir çeklendirmeler girizildi.

Şonuň üçin Angliýanyň Kembrij uniwersitetiniň alymy Jon Or tebigata taşlanylýan plastik galyndylarynyň geljekde gumuň ornuny tutup biljekdigini öňe sürýär. Şeýlelikde, Ýer ýüzünde gum bilen baglanyşykly meselelere çözgüt tapyp bolar.

Onuň aýtmagyna görä, sement önümçiliginde ulanylýan gumuň 10 göterimini plastik galyndylary biilen çalşyp bolar. Bu özgertme sementiň hiliniň ýokarlanmagyna hem täsirini ýetirer.

Plastik galyndylaryny gurluşyk işleriniň başga-da birnäçe bölümlerinde ulanyp bileris. Bu bolsa gum üçin sarp edilýän serişdäni ep-esli azaldar.

Kann kinofestiwalynyň ýeňijisi yglan edildi  

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa “Arkadaşylygyň modasy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Milli Liderimiz: “Merkezi Aziýa + Azerbaýjan” formaty sebitiň ýurtalarynyň global arenadaky ornuny berkitýär