SPORT

Olimpiýa oýunlarynyň tomaşaçy sany kesgitlendi

Geçen ýyl koronawirus ýokanjy sebäpli 1 ýyl yza süýşürilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna 1 aý ýaly az wagt galdy. Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň tomaşaçy sany kesgitlendi. Şeýlelikde, Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary sport desgalarynyň sygymynyň 50 göterimini ulanmak şerti bilen 10 müň ýerli janköýeri gatnaşdyrmaga rugsat berdi.

Bu barada Olimpiýa we paralimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin jogapkär bolan ministr Tamae Marukawa metbugat ýygnagynda habar berdi.

– Biz 10 müň adamlyk çäk kesgitledik we desgalaryň 50 göteriminden köp bolmaly däl – diýip, ministr belläp geçdi. Koroanwirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen janköýerlerdne hemişe agyz-burun örtügini dakynmagy talap ediler. Şeýle hem olardan gaty gürlemezligi hem-de bir ýere jemlenmezligi talap etmek göz öňünde tutulýar.

Ministr Marukawa guramaçylaryň koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda sport ýaryşlaryna janköýerleri goýbermegiň zerurlygy babatda maslahatlaşmagyň göz öňünde tutuljakdygyny mälim etdi.

Tokiodaky Paralimpiýa oýunlaryna tomaşaçylary kabul etmek baradaky karar guramaçylar tarapyndan 16-njy iýula çenli kabul ediler.

tokiodaky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýul-8-nji awgust aralygynda geçiriler. Paralimpiýa oýunlary bolsa 24-nji awgust-5nji sentýabr aralygynda guralar.

Mälim bolşy ýaly, guramaçylar 20-nji martda Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtly janköýerleri kabul etmezlik babatda jemleýji karar kabul edipdi.

 

29 sagatda 10 gatly bina guruldy

Ýene-de okaň

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Gwardiola üçin täze teklip

Maýk Taýson-Jeýk Pol: boks tutluşygynyň rekordlary

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi

«Köpetdag» – ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi

Maýk Taýson hem-de bloger Jeýk Pol boks tutluşygyna çykýar

Ata Watan Eserleri