Hormatly okyjylarymyz!
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Durnukly gün. Planetalaryň howandarlygynda bolarsyňyz. Esasy, artykmaç meseleler göz öňünde tutulmaýar. Esasanam maşgala gatnaşyklary babatynda gyssagly hereket etmeli däl. Sabyrlylyk görkezjek boluň. Bu köp meseläni çözmäge kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Öz edýän hereketlerine, maksadyna düşünýän sowurlar üçin üstünlikli gün. Belki, täsirleriňizi kimdir biri bilen paýlaşmak we kynçylyklaryňyzy ara alyp maslahatlaşmak islärsiňiz. Ýyldyzlar siziň lapykeç bolup biljekdigiňizi duýdurýarlar. Gaty ynanjaň bolmaň. Siz ejiz bolup bilersiňiz. Şahsy durmuşdaky negatiw üýtgeşmeler hem aradan aýrylmaýar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Wakalaryň daşky görnüşi üstünlikli ýaly görüner, ýöne içki dartgynlygy, özüňize we töweregiňizdäki adamlara nägileligi duýarsyňyz. Agyr sözler we kynçylyklara boljakdygyny duýup durmak size dynç bermez. Içki sesiňizi diňlemeli we iň erbet zada-da özüňizi taýyn etmeli.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün gelejek üçin meýilnamalaryňyza täzeden garamak maslahat berilýär. Emma şol bir wagtyň özünde, hyzmatdaşlaryňyza we garyndaşlaryňyza däl-de, diňe öz güýçli taraplaryňyza bil baglaň. Öý hojalygynyň problemalary öňe çykar. Seretan zenanlaryna duýgularyny ýüze çykarmazlyk maslahat berilýär. Dostlaryňyzyň we maşgalaňyzyň maslahaty bahasyna ýetip bolmajak zat bolar .
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Syýahat etmegi meýilleşdiren bolsaňyz, ony uzak wagtlap yza süýşürmeli däl. Tötänleýin tanyşmalardan ägä boluň. Ýanyňyzdaky adam sizi biwepalykdan şübhelenip biler. Ony mümkin boldugyça tanamaga, köşeşdirmäge synanyşyň we diňe çynlakaý gatnaşyk barada karar beriň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün energiýaňyz diýseň köp bolar. Söwda, gozgalmaýan emläk satyn almak üçin amatly gün. Emma isleýän zadyňyzy hakykat bilen ölçäp, ähli çäreleri ýerine ýetiriň. Edip bilmeýän zadyňyzy boýnuňyza almaň, sebäbi bu soňlugy bilen abraýyňyza we abadançylygyňyza täsir eder. Günortany ýakyn maşgala agzalaryňyz bilen geçirmegi meýilleşdiriň. Ýakyn adamyňyzyň ünsi we söýgüsi ruhuňyzy galkyndyrar we özüňizi bagtly duýmaga ýardam berer.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu güni asuda işler bilen başlaň, möhüm zatlary meýilleşdirmäň, sebäbi meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin amatsyz döwür gelýär. Ykbaldan köp zat soraman, durmuşyň size berjek zatlaryndan kanagatlanmagy öwreniň. Nämäniň gowudygyny, nämäniň erbetdigini kesgitlemek kyn bolar. Akyl taýdan oňaýsyzlyk duýmagyňyz mümkin. Günüň ikinji ýarymyny asuda dynç almaga bagyşlaň, fiziki maşklary etmek, sport bilen meşgullanmak, suwda ýüzmek maslahat berilýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün birneme parahat bolsaňyz, gaty sagdyn bolarsyňyz. Ýöne şonda-da saglygyňy berkitmek barada pikirleniň, sebäbi öňki keselleriň güýçlenmegi we täze keselleriň ýüze çykmagy mümkin. Bu gün täze duşuşyklar, garaşylmadyk tanyşlar bolup bilner. Ýüregiňizi aladalandyrýan köne tanşyňyz bilen duşuşmak ähtimallygy hem aradan aýrylmaýar.