SPORT

Depaý “Barselona” toparyna geçdi

Fransiýanyň “Lion” toparynyň niderlandly futbolçysy Memfis Depaý Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň futbolçysy boldy. Katalon kluby 27 ýaşly futbolçy bilen 2022/23-nji möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşyljakdygyny mälim etdi.

Depaý dünýäniň iň güýçli toparyna erkin agent hökmünde geçer. Onuň “Lion” toparynda şertnamasynyň möhleti tamamlandy.

Ol Fransiýanyň çempionatynda “Lion” toparynyň düzüminde 47 duşuşykda çykyş edip, 20 gol geçirdi.

“Barselona” topary Serhio Agureodan soňra Memfis Depaýy hem öz düzümine goşdy.

Ýewro-2020: 20-nji iýundaky duşuşyklar

Related posts

Aziýanyň iň güýçlisi – Katar

Ata Watan Eserleri

Tokio-2020: üç dünýä rekordy bilen Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji boldy

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär