BIZNES

Türkmenistan bilen Ukraina işewürler geňeşini döreder

Işewürler geňeşi Türkmenistan bilen Ukrainanyň işewürler düzümini birleşdirýän esasy düzüm bolup hyzmat eder. Bu geňeşiň döredilmegi babatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda geçirilen telefon sohbetdeşliginde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Ukraina tarapy, işewür gatnaşyklary güýçlendirmek üçin Aşgabat-Kiýew, şeýle hem Aşgabat-Lwow arasynda uçar gatnawlarynyň dikeldilmeginiň möhümdigini belläp geçdi.

Bulardan başga-da, telefon söhbetdeşliginde söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilim pudagynda özara gatnaşyklar, Ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hökümetara toparyň bäşinji mejlisine taýýarlyk görmek babatdaky wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

Jokowiç ikinji gezek “Roland Garros”-da ýeňiji boldy

Ýene-de okaň

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär