SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym üçin baýrakly utuş: baş baýrak awtoulag

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 18 ýaşdan uly adamlary koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolmagy höweslendirmek üçin dürli çäreler geçirilýär. Sanjym işini çaltlandyrmakşäherýagdaýyňkadalaşmagyna hem-de täze çäklendirmeleri girizmegiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Şonuň üçin Moswka şäherinde sanjym üçin höweslendirmek maksady bilen baýrakly utuş gurnalýar. Baş baýrak awtoulagdyr.

– 14-nji iýundan 11-nji iýul aralygynda koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň birinji dozasyny alan raýatlar baş baýragy awtoulag bolan baýrakly utuşa gatnaşmaga hukuk gazanýar – diýip, Moskwa şäheriniň häkimi Sergeý sobýanin özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Her hepde bahasy 1 million rubl bolan 5 sany awtoulag üçin baýrakly utuş çäresi geçiriler. 23-nji iýundan her hepde çarşenbe güni ýeňijiler “Moskwa 24” teleýaýlymyndan mälim ediler. Sanjym işini höweslendirmek maksady bilen geçirilýän baýrakly utuş çäreleri hyzmatdaş kompaniýalaryň ýardam bermegine gurnalýar.

Moskwa şäherinde kronawirus ýokanjyna garşy sanjymlar mugt ýerine ýetirilýär. Şäheriň saglyk öýleriniň gözegçiliginde 100 sanjym nokady hereket edýär. Olar her gün ir sagat 08:00-dan 20:00-a çenli açykdyr.

 

Türkmenistan bilen Ukraina işewürler geňeşini döreder

Ýene-de okaň

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi