Şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda bedewiň we alabaýyň şekilini sungat işlerinde şekillendirmek boýunça halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2011-njy ýylda ahalteke bedewlerniň şekilini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we dizaýnerleriň arasynda yglan edilen bu bäsleşik her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäginde geçirilip gelinýär. Bu ýyl bolsa oňa türkmen alabaýynyň şekilini çeper beýan etmek boýunça bäsleşik hem goşuldy. Bu halkara bäsleşikde döredijilik işgärleriniň sungatyň dürli ugurlaryna degişli hödürlän 300-e golaý eserleriniň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň “Türkmenistan -bedewleriň mekany” atly çeper keşpli 3D ölçegli haly eseri hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda meşhur suratkeş Ada Gutlyýew bilen söhbetdeş bolduk.
– Ada Aşyrgeldiýewiç, ilki bilen sizi ýetip gelýän Türkmen bedewiniň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlaýarys.
– Sag boluň! “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her aýy, her güni şanly wakalara, toýdur-baýramlara beslenýär. Ýakyn wagtlarda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý baýramynyň, şeýle hem Türkmen bedewiniň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramlarynyň giňden belleniljekdigi şatlygymyzy goşalandyrýar we bizi döredijilik bäsleşigine höweslendirýär.
– Ada aga, siz 2011-njy ýyldan bäri her ýyl yglan edilip gelinýän bäsleşigiň 10 gezek yzygiderli ýeňijisi bolduňyz. Bu ýyl hem 11-nji gezek bäsleşige gatnaşýarsyňyz. Elbetde, döredijilik adamsy üçin şeýle ýeňişleri yzygiderli gazanmak örän uly bagtdyr. Ozaly bilen şu ýyl bu bäsleşige hödürleýän üýtgeşik keşpli haly eseriňiziň aýratynlyklary dogrusynda gürrüň beräýseňiz?
– Bu ýyl bäsleşige hödürlän eserimi ýaňy özüňizem gördüňiz. Atyň toplumyny halynyň ýüzünde 3D görnüşinde ýerleşdirdim. Uzagrakdan seredeniňde gülälekli meýdana hem meňzeýän bu eseri döretmek üçin juda köp wagt bäri pikirlenip gezdim. 2003-nji ýylda Sankt-Peterburgda bolan wagtymda Pýotr I şekiliniň 3D görnüşde jaýlaryň ýüzünde ýerleşdirilendigini görmek miýesser edipdi. Ana, şol wagtlar hem bu usuly halyda barlap görmek kelläme gelipdi, ýöne entek nähili boljagyny doly göz öňüne getirmändim. Soňra şol barada gyzyklanyp, maglumatlary gözläp başladym. Mundan üç, dört ýyl ozal agam, žurnalist Täçgeldi Gutlyýew “Zaman” gazetinda çap edilen 3D görnüşli suratlary getirip görkezdi hem-de bu ugurda keşpli halynynyň döredilmeginiň gowy boljakdygy baradaky pikirini aýtdy. Şondan soň men bu işiň ugruna has çynlakaý çykyp ugradym. Oglum Didar hem bu ugurda maňa innowasion çözgüt tapmaga kömekleşdi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy giňden durmuşa ornaşdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, “Türkmenistan -bedewleriň mekany” atly sanly ulgama degişli 3D ölçegli janly halyny döretdim. Boýy 2,10 mert, ini 2,55 metr bolan bu haly eserimde ilki her dürli reňklerdäki kiçijek bedewleriň keşbini halynyň ýüzünde ýerleşdirdim. Şolaryň esasynda 3D görnüşli hala dykgatly seredip duran mahalyňda onuň içinden ullakan bedewiň şekiliniň öňe çykyp görünmegini döretmegi başardym. Halyda bedewiň orta çykýanyny ilki özüm, soňra çagalarym, ondan soň dost-ýarlarym we ençeme tanyşlarym gördüler. Ana, şu wagtam sergide birnäçe adam halyda bedewiň öňe çykyşyny görip dur. Adamlaryň käbiri bolsa bu görnüşi indi görmäge synanyşyp durlar. Munuň üçin halynyň öňüne geçip, 2 metr uzaklykda durup, eliňi öňe uzadyp, başam barmagyň dyrnagyna seredip durmaly. Birnäçe wagtdan soň bedewiň uly şekili halydan öňe çykyp howada durýar. Ine, şuny görüp bilmek gerek. Bu haly eseriniň düýp manysy: Dünýä doly göz ýetirmek mümkin däldir. Her görýän zatlarynyzyň aňyrsynda ýene bir zatlaryň bolmagy mümkindir…
-Siz bu halkara bäsleşiklerinde 10 gezek yzygiderli ýeňiji bolmagyňyzyň syry barada aýdaýsaňyz?
– Bu barada aýtsam, “Ýaryşda 12 gezek ýeňiji bolmalysyň!” diýip, agam şert goýdy. “Näme üçin 12 gezek?”- diýip sorarsyňyz? Sebäbi XX asyryň birinji ýarymynda Absent atly ahalteke bedewi her dört ýyldan bir gezek bolýan Olimpiýa oýunlaryna 3 gezek gatnaşýar. Munuň özi bu meşhur atyň jemi 12 ýyllap olimpiýa oýunlarynyň jümmüşinde bolandygyny aňladýar. Ine, görşüňiz ýaly, 10 gezeg-ä ýeňiş gazanyp bilipdirin. Geljekde nähili üstünlik gazanjagymy bu bäsleşigiň netijesi görkezer.
–Ada aga, siziň gowy netije gazanjagyňyza berk ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, şeýle sorag bilen ýüzlenmekçi! Sergide siziň ogullaryňyz, gyzyňyz bilenem tanyş bolduk. “Ata kesbi ogla halal” diýlişi ýaly, siziň çagalaryňyzda hem şeýle ajaýyp sungat bilen meşgullanmak höwesi bar bolsa gerek?
– Hawa, sungat döretmek iňňe bilen guýy gazan ýaly örän inçe iş. Sungata höwes meniň çagalarymda hem bar. Gyzym Mähri Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallym bolup işleýär. Ol ahalteke bedewiniň şekili çekilen sungat eseri bilen bäsleşige gatnaşýar. Uly oglum Didaryň mundan dört-bäş ýyl ozal döreden bedewli halysyny hem sergä getirip goýduk, ýöne ol eser bäsleşige gatnaşanok. Körpe oglum Aşyrgeldiniň sungat işine yhlasy juda güýçli. Men Aşyrgeldä halypalyk edýärin, oňa sungatyň inçe tilsimlerini öwredýärin. Ol sungat işine örän höwes bilen ýapyşýar.
–Ada Aşyrgeldiýewiç, men ozal siz barada köp eşidýärdim, Ada aga diýseler başgarak, agras adamy göz öňüme getirýärdim. Siz bolsa örän hoşamaý, göwnaçyk kişi ekeniňiz. Biz bilen söhbetdeş bolup, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň talyby