Pakistanyň ýaşaýjylaryna Russiýanyň koronawirus pandemiýasyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymynyň urlup başlanandygy mälim edildi.
Ýurduň “The Nation” gazetiniň habaryna görä, koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen rus hem-de beýleki sanjymlar raýat dolanyşygyna goýberildi. “Sputnik V” sanjymynyň 2 dozasynyň bahasy 12 müň rupiýa (80 $) deňdir.
Ýurduň Karaçi şäherinde rus sanjymy almak üçin nobata durýanlaryň bardygy aýdylýar. Häzirki wagtda ýurtda lukmançylyk işgärleri hem-de 50 ýaşdan uly adamlara koronawirus ýokanjyna garşy mugt sanjym edilýär. Ýurduň hökümeti sanjym işini çaltlandyrmak maksady bilen hususy kompaniýalara “Sputnik V” sanjymyny satyn almaga we olary sanjym edilýän merkezlerine kesgitlenen bahadan satmaga rugsat berdi.
Mälim bolşy ýaly, Pakistan fewral aýynda Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny bellige alypdy we bu sanjymy bellige alan 22-nji ýurt bolupdy.