JEMGYÝET

Nesilleriň (Generation) aratapawudy

Dünýä ýüzünde ynsanperwer ylymlaryň barha ösmegi bilen demografik tapawutlylyklar babatda ylmy-barlaglar geçirmek arkaly täze nazary esaslaryň binýady emele gelýär. 19-njy asyryň ahyryndan häzirki güne çenli adamzadyň ýakyn taryhyny we bolup geçen düýpli özgertmeleri synplandyrmak arkaly her çärýek asyra ýakyn döwürde adamlaryň ýaşaýyş endiklerinde we dünýägaraýyşlarynda tapawutlyklar bardygyny ylmy esasda ýüze çykarypdyrlar.

(1883-1900) «Ýitik nesil» 1-nji jahan urşy döwründe kämillik ýaşyna  ýeten adamlary öz içine alýar. Agrar durmuşyň we döwletleriň arasyndaky syýasy ýagdaýlaryň çäginde aýratyn hem erkek adamlaryň daýhançylyk we urşa gatnaşmak ýaly iki möhüm wezipeleri esasy aýratynlyk hasap edip bolar.

(1901-1927) «Iň uly nesil» diýip atlandyrylan nesil. 1929-njy ýyl ýerýüzünde «Uly ykdysady depressiýa» diýip atlandyrylýar.

(1928-1945) Iki jahan urşunyň arasynda dünýä inen adamlar «Sessiz nesil» hasap edilýär. Uruşlary, gytçylyklary, syýasy we ykdysady çökgünlikleri başdan geçirdiler. Bu sebäpden tukatlyk we aladaly bolmak alamatlary bar hasap edilýär.

(1946-1964) 2-nji jahan urşundan soň dünýä inenlere «Köp çagalylyk döwri» diýip atlandyrýarlar. Senagatlaşmagyň ösen döwrüniň talaplaryna laýyklykda iş endikleri ýokary derejede. «Işlemek üçin ýaşadylar» diýmek dogry kesgitleme bolup biler.

(1965-1981) «Iks nesil» diýip atlandyrylýar. Ene atalary tabynlyk duýgulary ýokary bolany üçin sabyrly işlemegi tebigy ýagdaýda öwrendiler.

(1982-1997) «Ý nesil» adyny gazandylar. Durmuş endikleri ösýär. Köp iş çalyşýarlar. Ene atalary bilen dostlaşan nesil hökmünde alamatlandyrylýar. Monopolistik bäsdeşlik bazaryna laýyklykda sarp ediş endikleri ösýär. Bu nesliň wekilleri menejment ylmynda täzelikleriň girizilmegine goşantlaryny tebigy ýagdaýda goşdular. Menejment usullary, tehnologiýa, daşky görnüş boýunça täzelikler girizilýär. Mysal üçin, iş ýerinde resmi däl lybaslar geýmek, interaktiw enjamlar, internet, döwrebap menejment usullaryny ulanyşa girizmek ýaly aýratynlyklar ýüze çykýar.

(1997-2012) «Z nesil»internet we sanly tehnoligiýalar döwrüniň çagalary hasaplanýar. Koreýada miýoplyk bilen akylly telefon satyşlarynyň arasynda deň artyş ýüze çykýar. Indiduallyk, analitik ukyp, sanly torlaryň üsti bilen habarlaşmagy ileri tutýan, maglumata tiz eýe bolmak mümkinçiligi bu nesliň wekillerinde tiz sarp edijilik endigini ösdürýär.

(2013-) «Alfa nesli» boljak täze nesil rahat ýaşamaga, sabyrsyz bolmaga meýilli bolar diýip çak edilýär. Adaty oýunjaklar bilen däl-de döwrebap tehnologik enjamlar bilen wagt geçirýärler. Adamlara arasy gatnaşyklara ýapyk hasap edilýär.

Dünýä ýüzünde ýüze çykýan bu üýtgemelere duýgur bolmak we ýaşlary döwrebap şertlerde terbiýelemek bilen bir wagtda olara ata-babalarymyzdan miras galan milli-ruhy baýlyklary öwretmek döwrüň meseleleriniň biri bolup durýar. Mysal üçin, dutar bilen ýerine ýetirilýän halk sazlarynyň adam ruhuna ýetirýän täsirini açyp görkezmek olarda milli gymmatlyklara bolan garaýyşlaryna oňyn täsir edip biler.

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy

ALSA tarapyndan guramaçylykly geçirilen çäre: LL.M. karýerleri we J.D. geçiş paneli uly gyzyklanma döretdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy