JEMGYÝET

Türkmenistan sebit we global ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berýär

«Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki özara hereketleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan daşky gurşawyň goragyny ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden milli meýilnamalarynda we maksatnamalarynda, şeýle-de sebit hem-de halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapýandyr. Hususan-da, Pariž ylalaşygy bilen sazlaşykly bolan Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa we Milli tokaý maksatnamasy aýratyn bellenildi.

Ekologiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça koreý tarapy bilen durmuşa geçirilýän özara hereketler, şol sanda Türkmenistanda tokaý hojalygy we howanyň hiline monitoring ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.

R.Meredow Aral deňziniň guramagynyň Merkezi Aziýanyň derwaýys ekologiýa meseleleriniň biri bolup durýandygyny ýatlatdy, çünki ol kem-kemden global ähmiýete eýe bolýar we adamyň saglygyna düýpli ýaramaz täsirini ýetirýändir. Türkmenistan bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine çagyrýandyr.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmenistan «RES 2026 EXPO» sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aral sammitinde çykyş etdi