Dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama keselleri, esasan, wiruslar, bakteriýalar ýaly, mikroorganizmler tarapyndan döredilýän ýokanç kesellerdir. Bu keseller möwsümleýin bolup, esasan, howanyň sowamagy we adamlaryň nädogry geýinmegi bilen ýüze çykýar. Keseliň ýüze çykyş alamatlary: — beden gyzgynynyň ýokarlanmagy; — bokurdakda agyry; — burnuň dykylmagy ýa-da suwuklygyň akmagy; — kelle agyrysy; — endamyň agyrmagy; — umumy gowşaklyk; — üsgülewük; — aşa derlemek; — dem almasynyň kynlaşmagy; — ysgynsyzlyk.
Näsag adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolanda, asgyranda, üsgürende kesel dörediji mikroorganizmler howa-damja ýoly bilen, şeýle-de galtaşma ýoly arkaly, hapalanan eliň üsti bilen agzyň, burnuň, gözüň nemli bardalaryna düşüp, kesel ýokuşyp biler. Öý şertlerinde maşgala agzalarynyň biri näsaglanda, beýlekilere hem keseliň ýokuşmagy mümkin. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan halatynda, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly we ýöriteleşdirilen hassahanalarda barlagdan geçip, bejergini doly, dogry we gutarnykly almaly. Öý şertlerinde näsag doly gözegçilikde bolmaýar we käbir ýöriteleşdirilen enjamlar bilen bejergini alyp bilmeýär. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmak keseliň gaýraüzülmelerine, öýkende kadaly öýjük gurluşynyň düýpli üýtgemegine getirip, geljekde dowamly öýken ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolup biler. Keseliň öňüni alyş çäreleri: — agyz-burun örtüklerini hökmany dogry we doly dakynmaly; — elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly; — köpçülik ýerlerinde daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly; — asgyrylanda, üsgürilende bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp, soňra olary ýörite gaplara taşlamaly.
Eger sizde keseliň alamatlary ýüze çyksa, gyssagly habarlaşmak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli nobatçy merkezi saglygy goraýyş edaralarynda we Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň düzümindäki saglyk öýlerinde gije-gündizleýin işleýän (24 sagat/7 gün) telefon belgilerine jaň edip, telefon arkaly sorag-jogap alşyp, maslahatlaşyp bilersiňiz!
Gyssagly habarlar üçin saglyk öýleriniň gije-gündizleýin işleýän telefon belgileri
№ Edaranyň ady Telefon belgiler
- Aşgabat şäheri, 1-nji saglyk öýi 45-21-73
- Aşgabat şäheri, 2-nji saglyk öýi 34-41-40
- Aşgabat şäheri, 3-nji saglyk öýi 76-80-87, 76-57-97
- Aşgabat şäheri, 4-nji saglyk öýi 37-42-86
- Aşgabat şäheri, 5-nji saglyk öýi 27-45-06, 27-45-28
- Aşgabat şäheri, 6-njy saglyk öýi 23-09-03
- Aşgabat şäheri, 7-nji saglyk öýi 26-74-32
- Aşgabat şäheri, 8-nji saglyk öýi 27-78-22
- Aşgabat şäheri, 9-njy saglyk öýi 26-03-15
- Aşgabat şäheri, 10-njy saglyk öýi 48-29-80
- Aşgabat şäheri, 11-nji saglyk öýi 95-73-12
- Aşgabat şäheri, 12-nji saglyk öýi 32-10-22
- Aşgabat şäheri, 13-nji saglyk öýi 25-73-03
- Aşgabat şäheri, 14-nji saglyk öýi 51-56-70
- Aşgabat şäheri, 15-nji saglyk öýi 47-84-77
- Aşgabat şäheri, 16-njy saglyk öýi 97-67-98, 97-67-99
- Aşgabat şäher çagalar hassahanasy 92-71-97
- Bejeriş-maslahat beriş merkezi 43-64-38
- Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti 73-95-35
- Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 36-92-68
- Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 94-05-80
- Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi 90-79-35(36)
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!