SIZDEN GELENLER

Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

Her ýylyň 10-njy noýabrynda bütin dünýäde Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni giňden bellenilip geçirilýär. Ol ylymyň peýdalary barada dünýäde habarlylygy artdyrýar, halkara jemgyýetçiligine ylmyň zerurlygynyň  ýatlatmasy bolup hyzmat edýär. Bu günüň maksady ylmy we tehnologiki ösüşleri adamzat siwilizasiýasynyň peýdasyna parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmak, şeýle hem, günüň maksatlarynyň arasynda  parahatçylyk we ösüş ugrundaky milli we halkara borçnamalaryň täzelenmegi we ylmy jemgyýetiň peýdasyna jogapkärli ulanylmagyny nygtamak; jemgyýetiň ylymyň ähmiýetine düşünmek we ylym bilen jemgyýetiň arasyndaky boşlugy aradan aýyrmak bolup durýar.

Bütindünýä ylymlar güni bilen baglanyşykly her ýurtda dürli çäreler gurnalýar. Ony durmuşa geçirmek boýunça  1999-njy ýylda Budapeştde geçirilen Bütindünýä ylymlar maslahatynda ylym bilen jemgyýetiň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň zerurlygy beýan edilýär. Şol ýyldaky konferensiýanyň meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO resmi taýdan Bütindünýä ylymlar gününi döretdi we 2001-nji ýylda geçirilen umumy maslahatda bellenilmeginiň zerurlygy yglan edildi. Bu gün ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bellendi we şol ýyldan  bäri bütin dünýäde giňden bellenilip gelinýär.

Bu babatda, ÝUNESKO her ýyl döwlet guramalary, ylym  we bilim toparlary bilen Bütindünýä ylymlar gününiň manysy barada bilim ýaýratmak üçin köp iş alyp barýar.

Esasy   dynç  alyş  çäreleri şu aşakdakylary  öz içine alýar:

– Parahatçylyga we ösüşe ýetmekde ylymyň möhüm ornuny görkezmek üçin açyk günleri geçirmek;

– Ylmyň we tehnologiýanyň gündelik durmuşa edýän täsirini görkezmek üçin tegelek stollary we seminarlary geçirmek;

– Bütindünýä ylymlar  güni barada mahabatlary bilim edaralarynda, ýerli jemgyýetçilik guramalarynda paýlamak;

– Muzeýlere we tematiki sergilere baryp görmegi guramak;

– Ylym we jemgyýetdäki orny barada leksiýalar bermek üçin umumy bilim mekdeplerine we hünär okuw jaýlaryna baryp görmekden ybarat.

 

Ylmyň ýaýramagy raýatlaryň jemgyýete çekilmegi üçin zerurdyr. Bu nukdaýnazardan ylym merkezleri we muzeýler diňe bir ylmy üstünlikler barada maglumat çeşmesi däl, ol adamlara daş-töweregimizdäki dünýä has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berilýän ýer. Muzeýe ýa-da ylym merkezine baryp görmek bizi bilim bilen baýlaşdyrýar, döredijilik pikirimizi ösdürýär. Ylym merkezlerine we muzeýlere gezelençler bilim maksatnamalaryna ajaýyp goşundy, ýaşlarda ylma bolan gyzyklanmany ösdürýär we ylmy ösüş baradaky ýalan pikirlerden we miflerden dynmaga kömek edýär. Käbir ýurtlarda Bütindünýä ylymlar gününi ylmy başlangyçlary goldaýan maksatnamalaryň kabul edilmegi bilen belleýärler we ylmy guramalar ýokary okuw jaýlary  bilen bilelikde täze ylmy-tehniki taslamalary durmuşa geçirýärler.

 

                              Umyt  ANNAGYLYJOWA,

                                            Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                             Halkara gatnaşyklary institutynyň  talyby

 

                                                

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk