Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga rugsatnama bermek hakynda Düzgünnama kabul edildi. Bu Düzgünnama “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda çykaran 71-iş belgili buýrugy bilen kabul edildi. Bu Düzgünnama Türkmenistanyň Suw kodeksiniň 14-nji maddasynyň 2-nji bendine we “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 12-nji bendine laýyklykda işlenip taýýarlandy we “Türkmengeologiýa“ döwlet korporasiýasy (mundan beýläk – Rugsat beriji edara) tarapyndan ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga berilýän Rugsatnama berlende berjaý edilmäge degişli kadalary kesgitleýär.
Düzgünnamada bellenişine görä, Rugsatnama bermekligiň maksady Türkmenistanyň çäginde ýerasty suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we goramagyň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, agyz, senagat, balneologik (bejeriş) ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemek, barlamak we ulanmak bilen baglanyşykly işler amala aşyrylanda ýerasty suw ýataklaryny ýerlikli ulanmak we olaryň azalmagynyň we hapalanmagynyň öňüni almak hem-de geologik we ekologik kadalaryny berjaý etmek bolup, şu Düzgünnamanyň talaplaryny berjaý eden fiziki we ýuridik şahslara ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga hukuk bermek bolup durýar.
Rugsatnamanyň güýje girmegi
Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga bolan hukuk, Rugsatnamanyň alnan pursatyndan başlap ýüze çykýar we şu Düzgünnamanyň ýigrimi birinji böleginde bellenen esaslar boýunça güýjüni ýitirýär.
Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemegiň, barlamagyň we ulanmagyň fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan Rugsatnamasyz amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.
Rugsatnama Türkmenistanyň Suw kodeksiniň 14-nji maddasynyň 2-nji bendine we “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 12-nji bendine laýyklykda ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga hukuk berýär. Rugsatnama 3 (üç) ýyl möhlete berilýär.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 19-nji sentýabrynda 1386 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Düzgünnamany dolulygyna okamak üçin şu ýere basyň!
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!
Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.