BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan elektrik energiýasy boýunça şertnama gol çekdi

Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Alhaj mulla Muhammad Hanif Hamzanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistana amala aşyrylan 2 günlük saparynyň çäklerinde möhüm ylalaşyk gazanyldy. Owgan wekiliýeti Türkmenistanyň energetika ministri annageldi Saparow bilen  “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.

Owgan metbugatynyň habaryna görä, saparyň çäklerinde 2024-nji ýylda elektrik energiýa üpjünçiligi babatda şertnama gol çekildi.

Bu şertnama laýyklykda, 4 ugur boýunça 1,8 milliard kilowat-sagada çenli elektrik energiýasy iberiler: Andhoý, Akina, Badgis we Turgondaý-Hyrat.

Şeýle hem  “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy 500 kW-lik Şibergandan Argandaýa çenli elektrik geçiriji liniýasynyň tamamlanjaakdygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, Hyrat welaýatyndaky Nur-ul Jihad kiçi bekediniň taslamasy barada pikir alşyldy. Bu ugurda owgan kompaniýasy bilen “Türkmenergo”  döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň arasynda şertnama baglaşylypdy we türkmen tarapy gysga wagtda bu taslamany durmuşa geçirer.

Owgan tarapy Türkmenistana hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu kyn günlerde goldaw bermegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Related posts

Täjigistanda özbek awtoulaglary satylyp başlandy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy