1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara Ýaşulular güni diýip kesgitledi. Indi 30 ýyl bäri bu baýramçylyk dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip gelinýär. Baýramçylygyň guralyşy, oňa berilýän üns dünýäde ýylsaýyn artýar. Baýramçylyk mynasybetli dürli görnüşdäki medeni çäreler guralýar. Şol çäreleriň çäginde ýaşuly adamlaryň ýaşaýan jemgyýetleriniň işine goşan goşantlary barada habarlylygy ýokarlandyrmak ýaly birnäçe işler alnyp barylýar.
Halkara Ýaşulular güni ýurdumyzda hem ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär. Ata Watanymyzda ýaşuly adamlaryň sarpasynyň belent tutulyp, olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly adamlaryň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda gyzykly gürrüňleri häli-şindi ýaş nesillere ýetirilip durulýar. Bu bolsa, ýaşlaryň has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär.
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!