BIZNES

Ýylda 5,5 million elektrik ulagy satmagy meýilleşdirýär

“Toyota” 2025-nji ýyla çenli ýyllyk elektrik ulagynyň satuwynyň 5,5 milliona ýetmegine garaşýandygyny mälim etdi. Elektrikli awtoulaglarynyň soňky döwürde meşhurlygynyň artmagy bilen köp öndürijiler bu bazarda işjeňligini artdyrýar.

“Toyota” kompaniýasy elektrikli awtoulag maksatlaryny öňe sürdi. “Toyota” -yň baş direktory Seýa Nakao kompaniýanyň elektrik ulagynyň satuwynyň 2025-nji ýyla çenli her ýylda 5,5 milliona ýetmegine garaşylýandygyny habar berdi.

2017-nji ýylda “Toyota” 2030-njy ýyla çenli her ýylda 5,5 million elektrik ulagy, satmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Nakao öz beýanynda elektrik ulagynyň öndürilişiniň we satuwynyň garaşylýandan has çalt öňe gidýändigini we satuw maksadynyň 2025-nji ýyla yza süýşürilendigini aýtdy. Bu meýilnama asyl bolmalysyndan 5 ýyl öň amala aşyrmak meýilleşdirilýär. “Toyota” kompaniýasy 2019-njy ýylda 2 million elektrik ulagy satdy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy