DÜNÝÄ

Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň Prezidentine täze maslahatçy

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (EBRD) ozalky ýolbaşçysy Suma Çakrabarti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň maslahatçysy bolup işlär. Bu barada Suma Çakrabarti özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky sahypasynda mälim etdi. Onuň bellemegine görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ykdysady ösüş, dolandyryş we halkara hyzmatdaşlygy boýunça maslahatçy wezipesini alyr barar.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Suma Çakrabarti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ykdysady ösüş meseleleri boýunça ştatdan daşary maslahatçysy wezipesine bellendi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Şol habarnamada, S. Çakrabartiniň Beýik Britaniýanyň döwlet gullugynda giň gerimli özgertmeleri ösdürmekde möhüm tejribesi bolan ösüp barýan bazarlar meselesi boýunça bilermendigi, onuň Beýik Britaniýanyň Merkezi we Gündogar Ýewropa üçin tehniki kömek maksatnamasy bolan “Know-How” gaznasynyň ösüşinde möhüm rol oýnandygy mälim edildi.

Suma Çakrabarti: “Men oňa reformalary amala aşyrmaga kömek etmekden hoşal bolardym” diýip belleýär. Suma Çakrabarti 2012-nji ýylyň iýulyndan 2020-nji ýylyň iýulyna çenli Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bolup işledi.

Suma Çakrabarti hakda

Suma Çakrabarti 1959-njy ýylda Jalpaýguri şäherinde (Hindistan, Günbatar Bengal) dünýä inýär we çagalygyny Kolkata ştatynyň paýtagtynda geçirýär. Oksfordyň kollejleriniň birinde okaýar (Syýasatşynaslyk, Filosofiýa we Ykdysadyýet), soňra Sasseks uniwersitetinden Ykdysady ösüş boýunça magistr derejesini alýar. 2012-nji ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanýar.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady