SPORT

“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

Germaniýanyň “Schalke 04” toparynda oýnan Ozan Kabak, “Tuttusport” gazetiniň yglan eden 2020-nji ýyldaky “Golden Boy” baýragy ugryndaky sanawda dalaşgär görkezildi. Gazetiň resmi web sahypasynda baýrak ugryndaky dalaşgärleriň 40-sy yglan edildi. Sanaw ulanyjylaryň we janköýerleriň ses bermegine hödürlendi.

Baýrak ugryndaky bäsleşikde dalaşgärleriň arasynda iň görnükli oýunçylar ýagny “Borussiýa Dortmund”-dan Erling Haaland, “Bawariýadan” Alfonso Deýwis, “Real Madridden” Winisius Jr. we “Mançester Ýunaýtedden” Maýson Grinwud we beýlekiler orun aldy.

Häzirki wagtda dalaşgärlere umumy 3278 adamdan ses geldi. Ozan Kabak 74 ses bilen umumy sesleriň arasynda 2% -ini emele getirýär. Iň köp ses alan “Bawariýanyň” ýarymgoragçysy Alfonso Deýwis 260 ses bilen iň ýokarky orun durýar. Baýrak ugryndaky bäsleşik gyzgalaňly ýagdaýda geçýär. Janköýerler öz saýlan oýunçylaryna ses berip olara goldaw berýärler.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri