SPORT

FIFA Türkmenistanda futboly ösdürmek başlangyçlary goldaýar

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino 18-nji dekabrda, çarşenbe güni Kataryň paýtagty Dohada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow bilen duşuşdy.

Duşuşykda FIFA-nyň prezidenti Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde futboluň hem ösdürilýändigine ýokary baha berdi. Türkmenistanda futboly ösdürmekde TFF-niň saldamly işleri alyp barýandygy bellenildi.

“Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekiliýeti bilen geçiren duşuşygymyzda Türkmenistanda futbolyny ösdürmekde we gelejekde ýerine ýetiriljek işlerde FIFA-nyň nähili goldaw berip biljekdigi babatynda maslahat geçirdik” diýlip, bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň “Instagram” sahypasynda beýan edildi.

Ýeri gelende bellesek, söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowamynda çagalar hem-de ýaşlar futboluny ösdürmekde, tälimçilik okuwy babatynda tejribe alyşmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada gürrüň edildi.

Futbol hünärmeni Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine şu ýylyň 4-nji noýabrynda saýlanandygyny ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Robert Lewandowski Amerikada oýnar

Marokko Niderlandlary ýeňip, 1/8 finala çykdy

Garaşylmadyk netije: Germaniýa çempionat bilen hoşlaşdy

Enso Mareska Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi boldy

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy