BIZNES

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Edaranyň başlygy M.Gurdow bilen Bilelikdäki Eyran-Türkmen Söwda-senagat edarasynyň başlygy Remezan Bahraminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, bilelikde alnyp barylýan işleriň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem öňden gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, 2025-nji ýylyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde  Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisini geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler we özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda zerur işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdiler.

Related posts

Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Galkynyş» gaz käninde täze guýy ulanmaga berildi

Stambuldaky Türkmenistanyň Baş konsullygynda türk işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi