JEMGYÝET

Ertirlik üçin byzmyk

Mähriban okyjylar, men size bu gezek ertirlik üçin ýeňiljek bolan byzmygyň taýýarlanyşy barada maglumat bermekçi.

Munuň üçin gerekli önümler:

  1. 2 sany ýumurtga
  2. Ýarym bulgurdan azrak ýag
  3. 2 nahar çemçesi şeker (has süýjüli bolsun diýseňiz, şekerini köpeldip bilersiňiz)
  4. 1 bulgurdan azrak süýt
  5. 1 nahar çemçesi kakao (islege görä, kakaoly halamaýan ýönekeý görnüşde-de taýýarlap biler)
  6. 1 sany hamyr tozy we wanilin
  7. 1 bulgur un (hamyry akyp duran bolmaly, uny şoňa görä göz çaky bilen guýmaly)

  • Bellik: Hamyry suratda görkezilişi ýaly akyp duran suýuk görnüşde bolmaly

 

Taýýarlanyşy:

 Ilki bilen elimizdäki ýumurtgalary we şekeri bir gaba salyp, garyjy (mikser) bilen gowy edip şekerini eretmeli. Soňra, süýdümizi we ýagymuzy guýup garmaly. Hamyry üçin unumyzy we hamyr tozdur wanilinimizy goşup, çemçe bilen garmaly.

Suratda görkezilişi ýaly, hamyr emele gelmeli. Soňra kiçiräk nahar çemçesi bilen tegelejik şekil ýasap guýmaly.

Tabany ýaglamasaň hem bolýar, sebäp garyndymyza 2 çemçe ýag bar. Tabamyzyň aşagyny pes otda goýýarys we sygaýjak görnüşde 3 ýa 4 sany edip guýmaly. Soňra bişip başlanda göz-göz şekiljik peýda bolýar.

Şonda bişendigini bilmek bolýar. Soň bolsa, beýle tarapyna öwrüp bişirmegi dowam etmeli.

Ine, mähriban okyjylar byzmygymyz taýýar boldy. Üstüni öz islegiňize göra, mürepbedir bal bilen ýa-da şokolad bilen bezäp bielrsiňiz.

 

Işdäňiz açyk bolsun!

Taýýarlan: Aýşirin ALYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar