JEMGYÝET

Türkmenistanda Geomaglumatlar merkezi dörediler

Aşgabat şäherinden başlap, Türkmenistanda Geomaglumatlar merkezi dörediler. Bu baradaky teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde öňe sürdi.

Döwlet Baştutanynyň hem nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda şeýle merkezi  döretmek, şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerine girişmegiň zerurlygy ýüre çykýar. Bu işe paýtagtymyz Aşgabat şäherinden başlamak gerek. Inžener ulgamlary, binalar we ýer bölekleri hem sanlylaşdyrylmalydyr, şäheriň 3D nusgasyny döretmek boýunça işler alnyp barylmalydyr.

Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi inžener ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şäher gurluşyk işlerini çaklamaga hem-de modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle hem ýer böleklerini aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda we beýleki işleri geçirmäge şert döreder diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar