JEMGYÝET

Döwlet gümrük gullugynda elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karary Döwlet gümrük gullugynda hem tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär.

Gullugyň resmi saýtynda hem habar berlişi ýaly, häzirki wagtda «Asman oky» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde gullukda elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Şu günler taslamanyň birinji tapgyrynyň üstünde işlenilýär.

Aslynda, elektron enjamlaryň köp bölegi gurnaldy we olar synag tapgyrlarynda işledildi. Alnan netijeleriň görkezişi ýaly, gullukda iş dolanyşygyny amatly gurnamak üçin oňyn mümkinçilik döredýär, işleriň ýerine ýetirilişiniň wagtyny birnäçe esse azaldýar, bu bolsa dolandyryş işini oňyn täsirini ýetirer.

Şu günler bu ýörelgä Türkmenistanyň ähli ministrliklerinde we pudak edaralarynda eýerilýändigini aýtmak gerek.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar