TEHNOLOGIÝA

Täze “Galaxy” enjamlary tanyşdyryldy

Günorta Koreýanyň “Samsung Electronics” kompaniýasy “Galaxy” brendli täze enjamlaryny  ilkinji gezek onlaýn görnüşde halk köpçüligine ýetirdi. “Galaxy Unpacked” diýlip atlandyrylan çärede  “Note” seriýasyndaky “Galaxy Note20” we “Galaxy Note20 Ultra”, “Galaxy Tab S7” we “S7 +” planşetleri, “Galaxy Watch3” akylly sagat, “Galaxy Buds Live” nauşnigi we “Galaxy Z Fold2” diýlip atlandyrylan täze nesil eplenýän smartfon görkezildi.

Mundan ozal hem 2 sany eplenýän telefonlaryny köpçülige ýetiren “Samsung” kompaniýasy bu gezek “Galaxy Z Fold2” smartfonuny telefon muşdaklaryna ýetirdi. Ol mistiki gara hem-de mistiki kümüşsow reňkdedir.

“Samsung”-yň “Microsoft” bilen hyzmatdaşlygy “Galaxy Note20” seriýasyny we “Windows PC”-ni bilelikde işlemäge mümkinçilik berýär. “Galaxy Note20” we “Galaxy Note20 Ultra” täze reňk görnüşlerine eýedir. “Galaxy Note20 Ultra” planşetde “Dynamic AMOLED 2X” displeýi we 120Hz täzeleniş tizligi bar. Bir güne ýetýän akylly batareýasy bolup, şeýle hem çatl zarýad beriji enjamy bilen 30 minutda 50 göterimden gowrak zarýad bermek mümkinçiligi bardyr.

“Galaxy Tab S7” we “S7 +”, kompýuteriň, planşetiň we smartfonyň baglanyşygyny birleşdirýän köpugurly planşetler hökmünde tapawutlanýar. “Galaxy Tab S7 +” işlemek, oýun oýnamak isleýän ulanyjylar üçin goşmaça 12,4 dýuýmlyk “Super AMOLED” ekrany bilen üpjün edilendir.

ENJAMLARY ÖŇÜNDE SARGYT EDIP BOLAR

“Galaxy Note20” seriýasy we “Galaxy Tab S7” we “S7 +” planşetleri 5-nji awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda öňünden sargyt edilip bilner.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi