TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň baý adamy işini tabşyrdy

Dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezos 199 milliard dollar girdeji gazandyran “Amazon” kompaniýasyndaky ýolbaşçylyk wezipesini meýletin tabşyrdy. Emma bu ýagdaý Bezosyň 1994-nji ýylda esaslandyran kompaniýasyndan gidýandigi görkezmeýär.

Ol bu kompaniýadaky işini maslahatçy hökmünde dowam etdirip, haýyr-sahawat hem-de kosmos başlangyçlary babatda iş alyp barmagy maksat edinýär.

Jeff Bezos hem dünýä belli “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy bolan Bill Geýts ýaly ýolbaşçylyk wezipesinden daşlaşdy. Geýts hem öz esaslandyran kompaniýasynyň ýolbaşçylyk wezipesini meýletin tabşyrypdy.

Jeff Bezos “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesini Andy Jassä tabşyrdy. 57 ýaşyndaky Bezos “Blue Origin” atly kosmos kompaniýasy we haýyr-sahawat işlerini bilen meşgullanmagy dowam etdirer.

“Amazon” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy wezipesinde bolmagynda galmagy maksat edinýän Bezos kompaniýanyň esasy paýdary bolmagynda galýar.

 

 

Wolkan Bozkyryň Türkmenistana sapary

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi